Tehasda suw joşguny 100 mln ýyldan gowrak ozal ýaşan dinozawrlaryň yzlaryny ýüze çykardy

  • 14.08.2025 16:33
  • 10k+

Iýul aýynyň başynda Tehasa inen weýrançylykly suw joşguny Trewis okrugynda taryhdan öňki yzlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Bu açyş barada CNN habar berýär.

Tebigy betbagtçylykdan soň ýerli ýaşaýjylara harabalygy arassalamaga kömek edýän meýletinçi Sendi-Krik sebitinde üç dyrnakly 15 sany uly yzy tapdy. Soňra hünärmenler bu yzlary 100 mln ýyldan gowrak ozal dinozawrlaryň galdyrandygyny anyklady.

“Dinozawrlara degişli yzlar uzynlygy 11 metr töweregi bolan iki aýakly ýyrtyjy akrokantozawra meňzeş haýwan tarapyndan galdyrylypdyr” – diýip, Ostindäki Tehas uniwersitetiniň Jekson mekdebiniň Ýer taryhy muzeýinden paleontolog Metýu Braun belledi.

Onuň aýtmagyna görä, yzlaryň ýaşy, takmynan, 110-115 mln ýyla, her biriniň uzynlygy bolsa 45-51 santimetre barabar.
Yzlaryň ýaşyny olaryň 110 mln ýyllyk Glen-Rozyň hek gatlaklarynda saklanyp galmagy netijesinde anyklamak başartdy.
Trewis okrugy, takmynan, 113 mln ýyl ozal ýaşan zawropodlaryň we teropodlaryň köp sanly yzlarynyň saklanyp galan “Dinozawrlaryň jülgesi” döwlet seýilgähinden 320 km günortada ýerleşýär. Bu syýahatçylar we paleontologiýany söýüjiler üçin meşhur ýerdir.
Paleontolog Braun topar bilen bilelikde tiz wagtdan tapyndylary has düýpli öwrenmek üçin Trewis okrugyna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu yzlaryň haýsy görnüşlere degişlidigi we olaryň dinozawrlar topary ýa-da diňe bir haýwan tarapyndan galdyrylandygy barada goşmaça maglumat almak isleýär. 


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......