Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 14.08.2025 16:14
  • 6.7k+

ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi.

Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy. Her bir hünärmen 100 bal şkalasy boýunça bahalandyryldy.
Reýtingde bir ýyldan bäri topara ýolbaşçylyk etmeýän tälimçiler, şeýle-de milli ýygyndylaryň halypalary göz öňünde tutulmady.
Luis Enrike geçen möwsümde “PSŽ” bilen Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy. Eýýäm täze möwsümiň öňüsyrasynda bolsa "Tottenhem" bilen oýunda ýeňiş gazanyp, UEFA-nyň Superkubogyny aldy.
Reýtingde ikinji orny niderlandly hünärmen Arne Slot eýeledi. Ol özi üçin ilkinji möwsümde “Liwerpuly” Angliýanyň premýer-ligasynda ýeňşe getirdi.
Üçünji orunda “Mançester Sitiniň” çökgünligi başdan geçirýändigine we geçen möwsümde ýekeje-de kubok almandygyna garamazdan, iňlis klubunyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola ýerleşdi.
ESPN boýunça Ýewropanyň iň gowy tälimçileriniň onlugy:

  • ·Luis Enrike (Ispaniýa, “PSŽ”)
  • ·Arne Slot (Niderlandlar, “Liwerpul”)
  • ·Hosep Gwardiola (Ispaniýa, “Mançester Siti”)
  • ·Habi Alonso (Ispaniýa, “Baýer”)
  • ·Hans-Diter Flik (Germaniýa, “Barselona”)
  • ·Mikel Arteta (Ispaniýa, “Arsenal”)
  • ·Antonio Konte (Italiýa, “Napoli”)
  • ·Simone Indzagi (Italiýa, “Al-Hilýal”, öň “Inter”)
  • ·Jan Pýero Gasperini (Italiýa, “Roma”)
  • ·Ernesto Walwerde (Ispaniýa, “Atletik”).

şu gün 11:10
1.2k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
2.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......