Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar

  • 14.08.2025 12:57
  • 2.4k+

Apple TV+ “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка) we “Taksi sürüjisi” (Таксист) ýaly filmleri düşüren režissýor Martin Skorseze barada “Martin Skorseze” dokumental mini-serialynyň treýlerini hödürledi. Taslamanyň premýerasy 17-nji oktýabrda bolar.

Serial bäş bölümden ybarat bolup, Skorsezeniň özi bilen söhbetdeşliklere, şeýle-de onuň ýakynlary, dostlary we hemişelik kärdeşleri bilen ozal neşir edilmedik gürrüňdeşliklere esaslanýar. Gatnaşyjylaryň arasynda Robert De Niro, Leonardo DiKaprio, Mik Jagger, Stiwen Spilberg, Deniel Deý-Lýuis, Şeron Stoun, Jodi Foster, Margo Robbi we beýlekiler bar.
Taslama režissýoryň durmuşy tejribesiniň onuň döredijiligine nähili täsir edendigi barada gürrüň berer.
Serialyň režissýory Rebekka Miller boldy. Ony düşürmek üçin Skorseze oňa şahsy arhiwinden peýdalanmaga rugsat berdi. Önümçilik bäş ýyl dowam etdi.
Şol bir wagtyň özünde, Skorsezeniň özi “Aldeas – A New Story” dokumental filmini çykarmaga taýýarlanýar. Ol merhum Rim papasy Fransisk bilen bilelikde döredildi. Film bütindünýä bilim hereketiniň çäklerinde papanyň alyp baran işleri barada gürrüň berer. 


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......