“Barbiniň” režissýory Greta Gerwig täze “Narniýanyň hronikalaryny” düşürip başlady

  • 14.08.2025 16:22
  • 3k+

Klaýw Steýplz Lýuisiň meşhur romanynyň täze ekranlaşdyrmasy bolan “Narniýa” filmi surata düşürilip başlandy. Film 2026-njy ýylyň noýabrynda Netflix-de we IMAX kinoteatrlarynda çykar diýip, DiscussingFilm X sosial ulgamynda habar berdi.

Taslamanyň režissýory we ssenariçisi hökmünde “Barbi” hem “Kiçijik hanymlar” filmleri bilen tanalýan Greta Gerwig çykyş edýär.
Sýužet K.S.Lýuisiň altynjy kitabyna – “Jadygöýiň ýegeni” powestine esaslanýar. Onda Narniýanyň gelip çykyşy barada gürrüň berilýär. Baş gahrymanlar Digori Kirk we Polli Plammer bolup, olar Digoriniň daýysynyň kömegi bilen jadyly dünýäni açýar.
Geljekki filmde Ak jadygöýiň keşbini fransuz-iňlis aktrisasy Emma Maki ýerine ýetirer. Taslama britaniýaly aktrisa Keri Malligan hem gatnaşýar. Oňa çagalaryň biriniň agyr keselli ejesiniň keşbi teklip edildi.
Döredijiler bilen Meril Strip hem gepleşik geçirýär. Ol Aslanyň keşbini ýerine ýetirip biler. Digoriniň keşbi üçin Deniel Kreýg göz öňünde tutulýar.


şu gün 08:26
2.8k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
950

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....