Emmanuel Makron Fransiýanyň "iň soňky köçe gazet satyjysyny" Hormat ordeni bilen sylaglady

  • 13.08.2025 10:57
  • 7.2k+

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 73 ýaşly gazet satyjysy Ali Akbary Respublikanyň ikinji ýokary baýragy bolan Hormat ordeni bilen sylaglamak barada yglan etdi. Bu barada The Times neşiri habar berdi.

Ali Akbar Pariždäki Plýas-Sen-Sýulpis meýdanynda şäherde belli kafe Cafe de la Mairie-niň ýanynda işleýär. Ol özüni Fransiýada iň soňky köçe gazet satyjysy diýip atlandyrýar. Asly Pakistanyň Rawalpindi şäherinden bolan bu adam Le Monde gazetini bu ýerde 1970-nji ýyllardan bäri satýar.
Prezident Makronyň hut özi Ali Akbar bilen ýakyndan tanyş. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda talyp hökmünde geljekki döwlet Baştutany ondan yzygiderli gazet satyn alýardy. Akbaryň aýtmagyna görä, Makron, köplenç, Latyn kwartalynyň binalarynda oňa çakyr hödür edýärdi.


Satyjy özi üçin esasy girdejiniň käwagt 20 ýewro ýetýän hemişelik müşderilerden alýan çaý puludygyny belleýär. Her bir gazet üçin onuň bahasyndan ýarysyny alyp galýar – bir ekzemplýar üçin 3,80 ýewro.
Ali Akbary Hormat ordeni bilen sylaglamak dabarasy şu ýylyň sentýabrynda geçiriler.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......