Hytaýda tizlikli otlular üçin ses basýan ulgam oýlanyp tapyldy

  • 13.08.2025 11:16
  • 8.2k+

Hytaýda tizligini 600 km/sag çenli artdyryp bilýän magnit güýjüniň kömegi bilen işleýän otlular (maglew) üçin ses basýan ulgam işlenip taýýarlandy. Bu barada The Guardian gazeti habar berdi.

Häzir Hytaýda tigirli otlular 350 km/sag çenli, maglewler bolsa 460 km/sag çenli tizligini artdyrýar. Indi 600 km/sag çenli tizlikli otlyny-da işe girizmek meýilleşdirilýär, geljekde bolsa tizligi 1000 km/sag çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Haçan-da otly şeýle tizlik bilen tunnelden çykanda uçar ses böwedini geçende döreýän ses urgusyna meňzeş güýçli zarba tolkuny ýüze çykýar.
Tizligiň artmagy bilen ses meselesi-de ýitileşýär.
Munuň sebäbi ýokary tizlikde otlynyň porşen ýaly hereket edip, tunnelde howany gysmagy we ony öňe iteklemegidir. Tunnelden çykanda howa birden giňelip, güýçli ses urgusyny döredýär. Bu bolsa adamlar we haýwanlar üçin oňaýsyzlyk döredip, infrastruktura elementlerine zeper ýetirip bilýär.
Hödürlenen çözgüt tunneliň iki tarapynda 100 metre çenli uzynlykda “ses siňdirijilerini” gurnamagy we tunnellerde öýjükli örtügi ulanmagy göz öňünde tutýar. Howa öýjüklerden çykyp, zarba güýjüni peseldip biler. Netijede, sesiň 96% peselmegine garaşylýar, bu bolsa maglewleri howpsuz ulanmaga mümkinçilik berer.
Hytaýda tizlikli otlular üçin petekleriň bahasy awiauçuşlara garanyňda iki esse arzandyr. Şol bir wagtyň özünde, maglewler awiasiýa ýaly köp mukdarda uglerod yzyny döretmeýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......