Halfeti, Angola we Çunsin IATA-nyň wersiýasy boýunça iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlary diýlip bellenildi

  • 13.08.2025 07:45
  • 6.4k+

Howa ulaglarynyň halkara birleşigi (IATA) 2024-nji ýylyň iň üýtgeşik syýahatçylyk ugurlarynyň sanawyny çap etdi diýip, CNN habar berýär.

Şeýle şäherleriň sanawyna Türkiýäniň Halfeti şäheri girdi. Ol bent gurlandan soň bölekleýin suw basan şäher bolup, henizem ilatly bolmagynda galýar.
Afrika yklymyndaky Angola hem syýahatçylaryň arasynda meşhurdyr, ol ýerde, uzak wagtlyk üzňelikden soň, ajaýyp tebigy landşaftlar açyldy.
Ýene bir syýahatçylyk ugry - ýurduň günorta-günbataryndaky daglarda ýerleşýän hytaý Çunsini. Köp basgançakly arhitekturasy, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň içinden  geçip gidýän demir ýol liniýalary sebäpli oňa, köplenç, “8D şäher” hem diýilýär.


Şeýle hem, IATA iň köp ýolagçy gatnawly ýurtlar baradaky maglumatlary hödürledi. 2024-nji ýylda bu görkeziji boýunça öňdebaryjy ABŞ boldy - 876 million adam, esasan içerki gatnawlaryň hasabyna. Hytaý ikinji ýeri eýeledi - 741 million ýolagçy, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,7 göterim artdy. Üçünji ýerde Beýik Britaniýa (261 million), dördünji orunda Ispaniýa (241 million) durýar.
Iň meşhur howa ýollarynyň ondan dokuzysy Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden geçýär. Dünýäniň iň köp gatnawly ýoly Günorta Koreýanyň Çejudo adasy bilen Seulyň arasyndaky ugur bolup, ondan 13 milliondan gowrak ýolagçy peýdalandy. Demirgazyk Amerikada Nýu-Ýork - Los-Anželes aralygy iň köp gatnawly ugur boldy (2,2 million). Ýewropada Barselona – Palma-de-Maýorka ugry (2 million), Latyn Amerikasynda Bogota-Medelýin ugry (3,8 million), Afrikada bolsa Keýptaun-Ýohannesburg ugry (3,3 million) öňde barýar.
Uçuşlar üçin iň köp ulanylýan uçar Boeing 737 (ähli modifikasiýalary hasaba alyndy) - 10 million uçuş, ondan soň Airbus A320 (7,9 million) we A321 (3,4 million) uçarlary boldy.


şu gün 16:40
333

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
4.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......