Arheologlar 6 müň ýyllyk täsin agaç eli tapdylar

  • 10.08.2025 23:00
  • 7.7k+

Arheologlar Serteý jülgesiniň (Russiýanyň Smolensk oblasty) torfly oturymly ýerlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda agaçdan ýonulyp ýasalan antropomorf eli tapdylar. Tapyndy Döwlet Ermitažynyň Demirgazyk-Günbatar ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy.

Tapyndy b.e. öňki V asyryň ahyryna - IV müňýyllygyň başlaryna, ýagny täze daş asyry döwründen bürünç eýýamyna geçiş döwrüne degişlidir. Russiýaly arheologlar munuň ýaly zada öň gabat gelmändirler.
El ussatlyk bilen ýasalypdyr: eliň aýasy nepislik bilen taraşlanan, arkasyna ýedi şöhleli rozetka oýlup salnan. Entek gadymy döwürdekä bu zat zaýalanypdyr - iki barmak döwlüp, çuň kesikler bilen bezelen aýanyň gapdalyna bölekleýin zeper ýetipdir. Goşarda döwük görünýär, bu, hünärmenleriň pikirine görä, penjäniň başga bir zadyň bölegidigini görkezip biler.
Şol medeni gatlakda agaç eliň gapdalynda adamyň şekili bolan gabyň bölegi tapyldy. Arheologlar antropomorf şekilleri bolan täze daş asyrynyň gaplarynyň Gündogar Ýewropanyň tokaý zolagy üçin seýrek duş gelýän zatdygyny bellediler.


düýn 18:07
3.5k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......