“Garri Potter” boýunça audiokitaplara 200-den gowrak aktýor ses berer, Dambldora Doktor Haus ses berer

  • 10.08.2025 21:26
  • 2.6k+

2025-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli Garri Potter hakyndaky ýedi kitabyň hemmesiniň iňlis dilinde täze audiokitaplary çykar. Taslama Pottermore we Audible tarapyndan amala aşyrylýar. Ses bermäge hünärmen aktýorlaryň 200-den gowragy gatnaşar diýip, Entertainment Weekly žurnaly habar berdi.

Garriniň, Ronyň we Germionanyň keşbini iki dürli aktýorlar topary ýerine ýetirer - ýaş (ilkinji üç kitap üçin) we uly ýaşly (galanlary üçin). Garri Pottere Franki Tredeweý bilen Jekson Hoff, Rona bolsa Maks Lester bilen Ris Malligan ses berer. Germionanyň ýaşlygyna HBO serialynda şol bir keşbi oýnaýan Arabella Stenton we uly ýaşlysyna bolsa Nina Barker-Frensis ses berer.
Albus Dambldor "Doktor Haus" serialy boýunça tanalýan Hýu Loriniň sesi bilen geplär.
Lord Wolan-de-Morta Jo Raýtyň “Buýsanç we köne pikir” filminde oýnan jenap Darsiniň keşbi bilen tanalýan Mettýu Makfedýen ses berer. Sewerus Sneýpiň keşbini  “Oskar” we “Emmi” baýraklaryna dalaşgär Riz Ahmed ýerine ýetirer. Minerwa MakGonagalla “Lukman Kim” serialyndaky Missiniň keşbi bilen tanalýan Mişel Gomes ses berer. Kyssaçy “Gowy aýal” filminde Lukka Kuiniň keşbini ýerine ýetiren Kuş Jumbo bolar.
Munuň bilen ugurdaşlykda “Garri Potteriň” esasynda düşürilýän HBO serialynyň üstünde hem işler alnyp barylýar. Görkeziş sekiz bölümden ybarat bolar. Uýgunlaşmany döredijiler kompýuter grafikalaryny iň pes derejä çenli azaltmak we amaly, tejribe ähmiýetli serişdeleri ulanmak bilen, hakyky wizual stile ünsi jemlemek isleýärler.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......