Germaniýada BMW motosikliniň hereketlendirijisinden kofe taýýarlaýan maşyn döredildi

  • 09.08.2025 18:31
  • 8.8k+

Germaniýanyň ECM kompaniýasy BMW R18 motosikliniň hereketlendirijisini ulanyp, Big Coffee Boxer kofemaşynyny hödürledi. Ol BMW Motorrad bilen resmi hyzmatdaşlygyň çäklerinde döredildi.

Kofemaşyndan jemi 80 nusga çykarmak meýilleşdirilýär we olaryň her biri elde ýygnalar. Bahasy 9185 dollardan başlaýar.
ECM  inženerleri 1,8 litrlik motosikl hereketlendirijisiniň içinde dürli görnüşli kofeni taýýarlamak üçin ähli zerur zatlary ýerleşdirdi. Enjam suwuň aýlanmagy üçin iki aýratyn kontur bilen üpjün edildi, temperatura Selsiý boýunça 120-128 gradus aralygynda saklanýar. Motor silindrinde kofe taýýarlamak prosesini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän enjamlar oturdyldy.


Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, model adaty tehnologiýa çözgütlerinden üýtgeşik zat isleýän motosikl muşdaklary üçin niýetlenendir. Ýöne kofemaşynyň göwrümi götermek üçin laýyk gelmeýär: onuň ini 900 millimetre, beýikligi 600 millimetre barabar bolup, agramy 64 kilogramdyr.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......