Galaxy Z Flip7 gaňrylma çydap bildi, emma dyrnak bilen çyzylma garşy durup bilmedi

  • 07.08.2025 16:06
  • 15k+

JerryRigEverything YouTube-kanalynyň awtory Zak Nelson Galaxy Z Fold7 modelini ýowuz synagdan geçirenden soň, Samsung-yň eplenýän ýene bir enjamy bolan Galaxy Z Flip7 modelini berklik boýunça synagdan geçirdi.

Flip7 korpusy birnäçe gezek gaňrylsa-da, bökdençsiz işlemegini dowam etdi. Gaňrylanda çykan seslere garamazdan, onuň korpusy, eplenýän ekrany we şarnir mehanizmi zaýalanmady. Şeýle-de, açyk oduň täsiri hem smartfonyň işine zeper ýetirmedi.
Flip7 IP48 gorag derejesine eýe – bu bolsa enjamda tozana garşy çäkli gorag bardygyny aňladýar. Bloger enjamyň eplenýän bölegine çäge sependen soň, açylanda ýeňil hyşyrdy ses peýda boldy. Muňa garamazdan, bu hem onuň işine täsir etmedi.
Smartfonyň daşky ekrany Corning Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen goralan. Bu aýna çyzylmalara garşy gowy durnuklylyk görkezdi: Moos şkalasy boýunça 6 derejesindäki gural bilen çyzylan mahaly ilkinji yzlar peýda boldy, has çuňňur çyzgylar bolsa 7-nji derejede ýüze çykdy.
Emma içki eplenýän ekran has näzik bolup çykdy – ol eýýäm 2-nji derejedäki gural bilen täsir edilende-de çyzylýar. Hatda barmagyň dyrnagy bilen çyzylan mahalynda hem yz galdy.
Samsung Display kompaniýasy Galaxy Z Flip7-niň eplenýän ekranynyň Galaxy Z Fold7 bilen deňeçer derejede berklige eýedigini öňräk mälim edipdi. Olaryň berýän maglumatyna görä, Fold7 paneli 500 müň eplenme gezegine niýetlenendir, şol sanda –20°C temperaturada 60 müň gezek we +60°C temperaturada 300 müň gezek eplenmäge çydamlydyr.


04.09.2022 12:15
19k+

200 000 epleme. Samsung-yň täze eplenýän smartfonlarynyň ömri näçeräkkä?

Eplenýän smartfonlaryň muşdaklaryny, esasan, onuň  ekranynyň berkliginiň näderejedeligi baradaky sowal biynjalyk edýär. Onuň sebäbi düşnükli: eplenýän telefonlar dynuwsyz ulanylanda tiz hatardan çykmak, ekrany...

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...