200 000 epleme. Samsung-yň täze eplenýän smartfonlarynyň ömri näçeräkkä?

  • 04.09.2022 12:15
  • 19k+

Eplenýän smartfonlaryň muşdaklaryny, esasan, onuň  ekranynyň berkliginiň näderejedeligi baradaky sowal biynjalyk edýär. Onuň sebäbi düşnükli: eplenýän telefonlar dynuwsyz ulanylanda tiz hatardan çykmak, ekrany zaýalanmak töwekgelçiligi we beýleki meseleleri bar. Hut şonuň üçinem täze — entek tanyşdyrylanyna köp wagt geçmedik Samsung Galaxy Z Fold4 we Galaxy Z Flip4 dewaýslarynda şu ýagdaýyň nähilidigini bilmek gyzykly.

Galaxy Z Fold 4 barada aýdylanda, Samsung öz işinde smartfondan planşete transformasiýa etmeklige jogap berýän şarniri kämilleşdirmeklige uly üns berdi. Optimasiýa onuň konstruksiýasynyň taýsyz ygtybarlylygyny gazanmaga mümkinçilik berdi. 200 000 gezek epläp-ýazylyp geçirilen synag munuň şeýledigini görkezdi.
Galaxy Z Flip 4 babatynda bolsa, Samsung onuň hem bäş ýylyň dowamynda günde 100 gezek eplenende «200 000 eplemä çenli» çydap biljekdigini tassyklaýar.
Birsydyrgyn açylýandygyna garamazdan, şarniriň, özüni gowşak duýmaz ýaly, ýeterlik garşylygy bar. Garşylyk gurluşy dürli burçlar boýunça açylgy görnüşde saklamak üçinem ýeterlikdir.
Galaxy Z Fold 4 hem, Galaxy Z Flip 4 hem Galaxy-niň iň berk gurluşlarydyr, çünki olar iň berk materiallardan Armor Aluminiumdan we Corning c Gorilla c Glass c –den ýasalandyr. Bu size telefony islendik ýagdaýlarda, zeper ýeter, çyzylar gorkusy sebäpli biynjalyk bolman ulanmaga mümkinçilik berer.
Galaxy Z Fold we Galaxy Z Flip4 — IPX8 reýtingli dünýäde ýeke-täk çygdan goragly eplenýän telefonlardyr.


07.08.2025 16:06
15k+

Galaxy Z Flip7 gaňrylma çydap bildi, emma dyrnak bilen çyzylma garşy durup bilmedi

JerryRigEverything YouTube-kanalynyň awtory Zak Nelson Galaxy Z Fold7 modelini ýowuz synagdan geçirenden soň, Samsung-yň eplenýän ýene bir enjamy bolan Galaxy Z Flip7 modelini berklik boýunça synagdan geçirdi. Flip7 korpusy birnäçe gezek gaňrylsa-da, bökdençsiz işlemegini dowam etdi...

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...