Aýy koloniýalaşdyrmakda esasy maksatnamalardan biri bolan Lunar Trailblazer missiýasyny şowsuzlyga uçrady - NASA

  • 07.08.2025 13:28
  • 2.5k+

NASA Lunar Trailblazer missiýasynyň tamamlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Apprat bilen aragatnaşyk gutarnykly ýitdi diýip hasaplandy. Aýda suwy gözlemek üçin döredilen zond Artemis programmasynyň möhüm bölegi bolupdy. Ol uçurylandan soň bir gün hem geçmänkä aragatnaşyga çykmagyny bes etdi.

Apparat 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezinden Falcon 9 raketasy bilen uçuryldy. Zond 48 minutdan soň raketadan bölünip aýryldy we özbaşdak uçuşa başlady. Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň operatorlary uçurylandan  bir sagatdan soň onuň bilen aragatnaşyga çykyp bildiler, ýöne ertesi gün aragatnaşyk ýitdi. Hünärmenler aragatnaşyk bolmasa hereketlendirijini işjeňleşdirip we Gün panelleriniň ugruny sazlap bilmediler. Radarlaryň berýän maglumatlaryna görä, enjam uçuş wagtynda pyrlanypdyr, netijede elektrik kuwwatyny ýitiripdir.
Iýul aýynyň ahyryna çenli zond Ýerden gaty uzaklaşdy, indi NASA missiýanyň tamamlanandygyny habar berdi.
Lunar Trailblazer zondy iki gural bilen enjamlaşdyrylypdy: Lunar Thermal Mapper we HVM3. Birinjisi Aýyň ýüzündäki temperaturany ölçemek üçin niýetlenipdi, ikinjisi bolsa suwuň yzlaryny gözlemek üçin serpikýän Gün şöhlesini seljermek üçin niýetlenipdi. Bu missiýa tebigy hemranyň suw buzlarynyň bar bolmak ähtimallygy ýokary bolan polýar sebitlerini öwrenmäge gönükdirilipdi. Bu maglumatlar Aýda hemişelik bazalaryň döredilmegini esaslandyrmak üçin möhüm hasaplanýardy.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....