Fergana jülgesinde ösümligiň täze görnüşi tapyldy we oňa özbek botaniginiň adyny berdiler

  • 07.08.2025 13:29
  • 3.7k+

Özbegistanyň Fergana jülgesinde Gagea urugynyň (gaz sogan, liliýalar maşgalasy) ösümliginiň täze görnüşi tapyldy. Bu barada ýurduň Ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ösümlik Andijan oblastyndaky Ymam dagynyň eteginde, Alaý gerşiniň çäklerinden tapyldy. Täze görnüşe meşhur özbek botanigi, professor Furkat Hasanowyň hormatyna Gagea khassanowi ady dakyldy.
Ösümligiň daş görnüşi Gagea circumflexa-a meňzeýär, ýöne morfologik tapawutlara eýe bolup, gülleri ak, ýapraklary ýuka we uzyn sapakly.
Ösümligiň ylmy beýany PhytoKeys halkara žurnalynyň iýul sanynda (№ 260, 2025 ýyl) çap edildi.
Barlagy özbegistanly, russiýaly we hytaýly alymlar bilelikde geçirdiler.


04.03.2026 18:18
10k+

Özbegistan ABŞ-dan 300 sany uçýan awtomobil satyn almagy meýilleşdirýär

Samson Sky amerikan kompaniýasy we Özbegistanyň Air Tashkent awiakompaniýasy «Switchblade» atly uçýan awtomobillerini Özbegistana getirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Taraplar umumy bahasy 60 million dollar bolan 300 sany ulagdan ybarat tapgyr barada deslapky ylalaşyga geldiler diýip, PR Newswire portaly habar berýär...

18.02.2026 15:45
3.8k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar. Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar...

19.08.2025 14:11
3.5k+

Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär...

07.03.2025 16:11
6.1k+

Özbek talyby gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň usulyny işläp taýýarlady

Arhangelskdäki Demirgazyk Arktika Federal uniwersitetiniň (SAFU) aspiranty, özbegistanly Ismoil Sodikow gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Barlagy üçin çig maly ol watanyndan getirdi...