Sony “Älem kerebinden” Möý Pank barada aýratyn animasion film çykarar

  • 07.08.2025 11:54
  • 2.4k+

Sony Pictures Animation studiýasy Möý Pank barada täze animasion filmiň üstünde işläp başlady. Taslama Möý adam baradaky giňeldilen multfilm äleminiň bir bölegi bolar diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Taslama üçin ssenarini aktýor Deniel Kaluýa we ssenariçi Ajon Singh ýazar. Sýužet barada giňişleýin maglumat entek ýok.
Baş gahrymana ýene-de Kaluýanyň ses bermegine garaşylýar. Ol eýýäm “Möý adam: Älem kerebi” (Человек-паук: Паутина вселенных / 2023) multfilminde bu gahrymana ses beripdi we “Möý adam: Älemden daşary” (Человек-паук: За пределами Вселенной) animasion filminde-de bu keşbe gaýdyp geler.
Möý Pank ilkinji gezek 2015-nji ýylda The Amazing Spider-Man №10 komiksinde peýda boldy. Bu Ýer-138 dünýäsinde hereket edýän supergahryman bolup, ol Piter Parkerden tapawutlylykda, pank-medeniýetiniň stilinde we anarhiýanyň üsti bilen korrupsiýa we adalatsyzlyga garşy göreşýär.


şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....