ABŞ-da “Nika hekaýaty” filmindäki sögüşiň sesi bilen möjekleri mallardan kowýarlar

  • 06.08.2025 18:02
  • 4.2k+

ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi mallary möjeklerden goramagyň üýtgeşik usulyny ulanýar – sesi güýçlendirijileriň kömegi bilen olara Noa Baumbahyň “Nika hekaýaty” (Брачная история) filminden sögüş sahnasy eşitdirilýär.

Filmiň gahrymanlary Çarli (Adam Draýweriň ýerine ýetirmeginde) we Nikol (Skarlett Ýohansson) aýrylyşýar we çaga terbiýeleýär. Fermerler tarapyndan ulanylýan sahnada olar gygyryşýar we dawalaşýar. Sögüşiň ýazgysy şeýle bir gorkuzyjy bolup çykdy welin, ondan hatda hakyky ýyrtyjylar hem gorkýar.
The Wall Street Journal-yň habar bermegine görä, adam gykylyklarynyň sesi möjeklere atyşyk ýaly täsir edip, howp barada duýdurýar. Hünärmenler dinamikleri dronlara berkidýärler. Haçan-da süriniň golaýynda möjek görlende, dronlar olara tarap gönükdirilýär we ses ýazgysy goýberilýär. Usul haýwanlary atmagyň täsirli çykalgasy boldy.
“Nika hekaýatyndaky” sahnadan başga-da, ýyrtyjylary gorkuzmak üçin AC/DC hard-rok toparynyň “Thunderstruck” aýdymy we feýerwerkleriň sesi ulanylýar.
“Nika hekaýaty” dramasy 2019-njy ýylda Netflix-de çykdy. Onda baş keşpleri ýerine ýetiren aktýorlaryň ikisi-de “Oskara” dalaşgär görkezildi. Ýakyn wagtda Draýwer we Ýohansson Jeýms Greýiň “Kagyz gaplaň” (Бумажный тигр) filminde ýene bilelikde peýda bolar. 


şu gün 08:26
2.3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
946

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....