Netflix “Jadygöý” serialy üçin soňky möwsümleri hasaba almazdan $500 mln sarp etdi

  • 06.08.2025 17:48
  • 4.4k+

Netflix akym hyzmaty “Jadygöý” (Ведьмак) fentezi serialy bilen baglanyşykly taslamalara ýarym milliard dollardan gowrak maýa goýdy. Bu barada Redanian Intelligence portaly ýazýar.

Çeşmäniň hasaplamalaryna görä, esasy serialyň üç möwsümini, prikweli, şeýle-de geçen ýyl ýatyrylan “Serhet alakalary” (Крысы Пограничья) spin-offuny döretmek üçin platforma eýýäm 500 mln dollardan gowrak sarp etdi.
Çykdajylar şeýle görnüşde paýlandy:

  • ·“Jadygöýiň” 1-nji möwsümi - $92,1 mln;
  • ·“Jadygöýiň” 2-nji möwsümi - $176,3 mln;
  • ·“Jadygöý: Gelip çykyşy” mini-serialy - $50,3 mln;
  • ·“Jadygöýiň” 3-nji möwsümi - $162 mln;
  • ·“Jadygöý: Serhat alakalary” spin-offy - $20 mln.

Eger çykmadyk iki möwsümi we iki anime-serialy hasaba alsaň, Netflix-iň franşiza üçin umumy çykdajylary 850-900 mln dollara ýetip, hatda milliarda golaýlap biler.


şu gün 08:26
2.3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
946

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....