Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy

  • 04.08.2025 16:29
  • 5.2k+

Braziliýanyň OutField wençur gaznasy “Le-Man” fransuz futbol klubunyň egindeş eýesi boldy. Klubuň maýadarlarynyň biri serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç boldy diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Dünýäniň öňki birinji raketkasyndan başga-da, maýa goýum taslamasyna gatnaşyjylaryň arasynda “Formula-1-iň” öňki iki sürüjisi: braziliýaly Felipe Massa we daniýaly Kewin Magnussen bar.
“Le-Man” kluby 1985-nji ýylda esaslandyryldy. Indiki möwsümde topar Fransiýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş eder. 


şu gün 11:31
249

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......