Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

  • düýn 19:02
  • 5.2k+

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler.

"Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar. Olar 5-nji awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň milli tagamlaryny taýýarlap görkezerler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerinde, ýagny 6 — 8-nji awgustda hem goňşy ýurtlaryň tagamlary hödür-kerem ediler.
Milli tagamlaryň festiwalyna gatnaşyjylar Gündogar aşhanalarynyň, çaýhanalarynyň üýtgeşik hözirini görerler. Bereketli saçaklar yhlasly zähmetiň, agzybirligiň, jebislikde ýetilen döwletliligiň nyşany bolar. Olardaky naz-nygmatlar dünýäniň aşpezlik sungatynyň iň inçe syrlary bilen taýýarlanar. Ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly iki jiltli kitapda beýan edilişi ýaly, türkmen milli naharlarynyň aýratynlyklary, taryhy we dünýäniň aşpezlik sungatynda tutýan orny barada has giňişleýin gürrüň bererler.

Şeýle festiwallaryň öň hem ýurdumyzda iri halkara çäreler bilen ugurdaşlykda geçirilendigini, olarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, türki halklaryň aşhanasynda umumylyklaryň köpdüginiň bada-bat göze ilýändigini turuwbaşdan bellemek gerek. Bu meňzeşlikler biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan başlap, biziň eýýamymyzyň XV asyryna çenli döwürde Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlaryny birleşdiren, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri bilen hem düşündirilýär.


düýn 19:17
6.1k+

Aşgabatda 1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugry we 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugry üýtgediler. Bu barada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berýär...

30.07.2025 14:56
8.3k+

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde Balkan welaýatyndan Ýunus Aşyrdurdyýew we Öwezmyrat Ataýew wekilçilik eder

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi...

28.07.2025 18:02
6.7k+

Türkmenistanda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda bäsleşigiň netijeleri yglan edildi

24-25-nji iýulda Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi...

28.07.2025 14:14
4.3k+

Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen festiwalda ýene-de "Altyn baýrak" aldy

Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri 23 — 26-njy iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, "Altyn baýraga" mynasyp boldular...