Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady

  • 31.07.2025 14:08
  • 5.6k+

The New York Times 2025-nji ýylda baryp görmeli ýerleriň ýyllyk sanawyny hödürledi. Oňa hem işjeň medeni durmuşy bolan şäherler, hem o diýen belli däl ugurlar girdi.

Merkezi Aziýa we Kawkaz şäherleriniň arasynda neşir Buharany (Özbegistan) maslahat berýär. Bu ýerde güýzde häzirkizaman sungatynyň biennalesi geçiriler. Sergi taryhy ýerlerde – medresede, kerwensaraýlarda we beýleki binagärlik ýadygärliklerinde geçer. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda Entoni Gormli we Laýla Goar ýaly dürli ýurtlardan tanymal hudožnikler bar.
Gazet Gruziýada Kutaisi şäherine baryp görmegi teklip edýär. Şu ýyl şäherde öňki patyşalyk rezidensiýasynyň binasynda sanly muzeý, şeýle-de däp bolan tanslar we aýdymlar bilen medeni merkez açyldy. Şäheriň Gara deňze we Kawkaz daglaryna golaý bolmagy bu ýeriň özüne çekijiligini hasam artdyrýar.
Balkan sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ýakynda Şengen zolagyna goşulan Bolgariýa aýratynlandyrylýar. The NYT syýahata Sofiýadan başlamagy, soňra Plowdiw şäherine, Gara deňziň kenaryna ýa-da “Rila” milli seýilgähine baryp görmegi teklip edýär.
Şeýle-de, gazet baý binagärligi we fadu aýdym-saz däbi bolan Portugaliýadaky gadymy uniwersitet şäheri Koimbru ünsi çekýär. Şäherden uzak bolmadyk ýerde, Kabanaş-de-Wiriatuda Ikinji jahan urşy döwründe ýewreýleri halas eden diplomatyň hormatyna muzeý açyldy.
Mundan başga-da, neşir Fransiýadaky we Nepaldaky gyzykly medeni taslamalar, Nikaraguadaky we Grenlandiýadaky täzelenen transport ugurlary, Galapagosda tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan çäreler we “Ak lotos” filminiň düşürilişinden soň Samui adasynda syýahatçylygyň ösüşi barada gürrüň berdi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......