Hytaýyň Hunan şäherindäki uniwersitetde kebap taýýarlamagy hünär hökmünde öwredip başladylar

  • 30.07.2025 14:46
  • 10k+

Hytaýyň Ýueýan şäherinde (Hunan welaýaty) kebapçy aşpezleri taýýarlaýan dünýäde ilkinji kollej açyldy. Okuw jaýy ýerli hökümetiň we Ýueýan barbekýu birleşiginiň goldamagynda Ýueýanyň Açyk Uniwersitetiniň düzüminde döredildi diýip, China Daily portaly habar berýär.

Ýueýan özüniň barbekýu aşpezlik däbi bilen meşhurdyr, şäherde 2000-den gowrak kebaphana hereket edýär. Indi hünärmenler hünäri standartlaşdyrmak, işgärleri taýýarlaýan ulgamy kemala getirmek we ýerli ykdysadyýeti goldamak kararyna geldiler.
Ýerli hökümetiň habar bermegine görä, Ýueýanda jemgyýetçilik iýmiti pudagy ýylda 2 milliard ýuandan gowrak (280 million dollar) girdeji getirýär we 50 müň töweregi adamy iş ýeri bilen üpjün edýär. Uniwersitetiň wise-prezidenti Szýan Szunfu kollejiň ýaşlara ýeňil girişli hünärler boýunça okuw hödürläp, olaryň işsizligini azaltmaga kömek etjekdigini aýtdy.
Kollej öwrenjeleri hem, bu ugurda eýýäm işläp ýören hünärmenleri hem taýýarlar. 2025-nji ýylda üç ýyllyk gündizki okuw maksatnamasy boýunça 50-100 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, gysga möhletli döwlet kurslaryny açmak hem göz öňünde tutulýar. Maksatnama iki esasy ugurdan ybarat: barbekýu taýýarlamak we kebaphana işini dolandyrmak. Tejribelik sapaklary 50 sany ýerli edarada geçiler.
Käbir ýaşaýjylaryň bu başlangyja şübheli garaýandyklaryny bellemelidiris. Çen familiýaly ýerli kebaphananyň eýesi eti otda bişirmek ussatlygynyň uniwersitetde üç ýylda özleşdirilip bilinjekdigine şübhelenýär, çünki bu köp ýyllyk tejribäni talap edýär. Şeýle-de bolsa, uniwersitet gurluşly çemeleşmäniň pudagy ösdürmäge we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine ynanýar.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....