Tim Býorton we Ledi Gaga täze gizlin taslamanyň üstünde işleýär

  • 28.07.2025 18:49
  • 4.7k+

Tim Býorton “Uensdeý” düşürilenden soň ýene bir taslamanyň üstünde Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini habar berdi. Bu barada NME neşiri ýazýar.

Giffonidäki kinofestiwalda režissýor “Uensdeýiň” ikinji möwsüminiň ilkinji dört bölümi görkezilmezden ozal tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdi. Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlyk baradaky soraga jogap bermek bilen, Býorton onuň zehinine haýran galýandygyny we täze bilelikdäki taslamanyň taýýarlanýandygyny aýtdy. Ýöne režissýor bu barada giňişleýin maglumat bermedi.
Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsüminde gara jadygöýligiň mugallymy Rozalin Rotwudyň keşbinde peýda bolar. Möwsümiň birinji bölüminiň premýerasy 6-njy awgusta meýilleşdirilýär, ikinjisi 3-nji sentýabrda çykar.
“Uensdeý” Netflix-iň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serialdyr. Ozal biz akym hyzmatynyň bu serialy üçünji möwsüme uzaldandygyny habar berdik. Mundan başga-da, spin-off döretmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar. Geljekki taslamalar barada giňişleýin maglumatlar ýok.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......