Netflix meşhur “Uensdeý” serialyny üçünji möwsüme uzaltdy

  • 26.07.2025 16:40
  • 2.9k+

Netflix platformasynyň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serial “Uensdeý” üçünji möwsüme uzaldyldy. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berildi.

Mundan başga-da, taslamanyň režissýory Tim Býorton we baş keşbi ýerine ýetiriji Jenna Ortega The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde spin-offy döretmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy.
Üçünji möwsüm we goşmaça taslamalar barada giňişleýin maglumat ýok. Tomaşaçylar häzirlikçe ikinji möwsümiň çykmagyna garaşýar, ol 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda we 3-nji sentýabrynda iki bölüm bolup çykar. Orteganyň aýtmagyna görä, serialyň dowamy, esasan, horror žanryna gönükdirildi. Ol “Kerri” (1976) we “Uçurym” (2008) ýaly nusgawy elhençlik filmlerinden ylham alyp döredildi.
“Uensdeýiň” birinji möwsümi 252,1 mln tomaşa ýygnady (akym hyzmaty premýeradan soň ilkinji 91 güni hasaba alýar). Bu ony platformada ikinji meşhur serial edýär. Birinji orny “Kalmar oýny” (birinji möwsüm) eýeleýär – 265,2 mln tomaşa.
Netflix-iň iň meşhur iňlis dilli däl taslamalarynyň 5-ligi:

  • ·Kalmar oýny, 1-nji möwsüm – 265,2 mln tomaşa (2,2 mlrd sagat)
  • ·Kalmar oýny, 2-nji möwsüm – 192,1 mln tomaşa (1,3 mlrd sagat)
  • ·Kalmar oýny, 3-nji möwsüm – 130 mln tomaşa (797 mln sagat)
  • ·Kagyz öý, 4-nji möwsüm – 106 mln tomaşa (710 mln sagat)
  • ·Lýupen, 1-nji bölüm – 99,5 mln tomaşa (396 mln sagat)

Netflix-iň iň meşhur iňlis dilli taslamalarynyň 5-ligi:

  • ·Uensdeý, 1-nji möwsüm – 252,1 mln tomaşa (1,7 mlrd sagat)
  • ·Ýetginjeklik döwri (mini-serial) – 142,6 mln tomaşa (546 mln sagat)
  • ·Gaty geň işler, 4-nji möwsüm – 140,7 mln tomaşa (1,8 mlrd sagat)
  • ·Nägehan: Jeffri Dameriň hekaýaty – 115,6 mln tomaşa (1 mlrd sagat)
  • ·Brijertonlar, 1-nji möwsüm – 113,3 mln tomaşa (929 mln sagat) 

şu gün 08:26
1.4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....