NASA-nyň her bäşinji işgäriniň işden boşadylmagyna garaşylýar

  • 28.07.2025 18:23
  • 4.2k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) 3870 töweregi işgäriň işden çykarylýandygyny habar berdi, bu bolsa işgärleriň umumy sanynyň 20%-ini düzýär. Şolar işden aýrylandan soň agentligiň işgärleri 18 000-den 14 000 adama çenli azalar.

NASA işgärleriň köpüsiniň agentlik bilen baglaşylan şertnama laýyklykda meýletin gidýändigini belleýär. Bu çäreler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan federal işgärleriň sanyny azaltmak boýunça durmuşa geçirilýän meýilnamanyň bir bölegidir. Şol bir wagtyň özünde, Ak tamyň agentlige berilýän serişdeleri azaltmak babatyndaky synanyşyklary entek amala aşyrylmady - NASA-nyň býujeti şol öňki derejesinde galýar.
Iýul aýynyň başynda NASA-nyň häzirki we öňki 300 töweregi işgäri Ak tamyň we NASA-nyň ýolbaşçylaryny tankytlaýan açyk hata gol çekipdi. Onda hökümetiň "weýrançylykly hüjümleriniň" kosmos barlaglarynda NASA-nyň "dünýäde öňdebaryjy bolmak ukybyna howp salýandygy" bellenýär.
NASA-nyň içerki resminamalary bilen tanşan Politico neşiri, işgärleri şeýle uly möçberde azaltmagyň Amerikanyň kosmos maksatnamalarynyň birnäçesine, şol sanda Aýa we Marsa uçmak boýunça taslamalaryna täsir edip biljekdigini habar berdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......