Filippinlerde oýnawaçly dünýäde iň uly awtomat gurnaldy

  • 28.07.2025 13:34
  • 5.4k+

Filippinleriň Sebu şäherinde dünýäde iň uly kran-maşyn oturdyldy. Baýrak (esasan, ýumşak oýnawaçlar) almak üçin oýnamaga niýetlenen kran awtomat Tops toplumynyň PlayFair oýun zalynda peýda boldy diýip, UPI agentligi habar berýär.

Claw King atly enjam 1761 kub fut göwrümli meýdany eýeledi, bu, takmynan, 50 kub metre deňdir. Onuň ululygy – uzynlygyna 5,2 metr, ini 2,4 metr we beýikligine 3,8 metre barabar. Awtomat şeýle enjamlaryň arasynda resmi taýdan iň ulusy diýlip ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Öňki rekord Floridada ştatyndan (ABŞ) ululygy 5×2,4×3,6 metr bolan awtomata degişlidi.

“Bu uly üstünlik bolup, biz ony uly şatlyk bilen Sebunyň ýaşaýjylary bilen paýlaşýarys. Biz bu rekordy öýe getirendigimize diýseň buýsanýarys” – diýip, PlayFair-de bellendi.





18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....