Made for Germany: Iri nemes kompaniýalary öz ýurdunyň ykdysadyýetine 631 mlrd ýewro maýa goýar

  • 26.07.2025 16:52
  • 6.3k+

60-dan gowrak iri nemes kompaniýasy kansler Fridrih Mersiň Made for Germany (“Germaniýa üçin öndürilen”) başlangyjyny goldady we üç ýylyň dowamynda Germaniýanyň ykdysadyýetine 631 milliard ýewro maýa goýmaga borçlandylar. Senagatçylar ýurduň ykdysady ýagdaýyny berkitmäge, ösüşini höweslendirmäge we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder diýip, Euronews ýazýar.

Bu başlangyjyň ady ýokary hilli nemes önümleriniň nyşanyna öwrülen Made in Germany jümlesine salgylanýar. Bu başlangyja Siemens , BASF , BMW , Volkswagen , Mercedes-Benz, Rheinmetall, SAP , Airbus we Deutsche Bank ýaly ägirtler gatnaşýar. Germaniýanyň ykdysadyýetiniň 30%-den gowragy agzalan kompaniýalaryň paýyna düşýär. Başlangyja beýleki kompaniýalaryň hem goşulmagyna garaşylýar.
Maýa goýumlary täze senagat desgalaryny gurmaga we bar bolanlaryny giňeltmäge, şeýle hem barlag işlerini ösdürmäge gönükdiriler. Bu soňky iki ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň pese gaçandygyny nazara alsaň, örän möhüm işdir. 2025-nji ýylda durgunlyk, 2026-njy ýylda bolsa bary-ýogy 1% ösüş bolar diýip  çak edilýär.


11.11.2025 14:30
8.2k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.5k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

14.08.2025 17:03
4.9k+

Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar

22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär...