82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi

  • 26.07.2025 12:27
  • 2.1k+

82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi. Şu ýyl kinofestiwal 27-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Lido adasynda geçiriler.

Esasy bäsleşige Jim Jarmuş (Kaka Eje Uýa Dogan / Отец Мать Сестра Брат), Pak Çhan-uk (Başga ýol ýok / Нет другого выбора), Fransua Ozon (Keseki / Посторонний), Ketrin Bigelou (Dinamitden öý / Дом из динамита), Ýorgos Lantimos (Bugoniýa / Бугония), Oliwýe Assaýas (Kreml jadygöýi / Кремлёвский волшебник), Benni Safdi (Ýumrujy / Крушащая машина), Laslo Nemeş (Ýetim / Сирота), Noa Baumbah (Jeý Kelli / Джей Келли) we Gilýermo Del Toro (Frankenşteýn / Франкенштейн) ýaly ykrar edilen režissýorlaryň täze filmleri gatnaşýar.
Kinofestiwal bäsleşik programmasyna goşulan Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать) filmi bilen açylar.
Dokumental filmler bölüminde Aleksandr Sokurowyň, Werner Hersogyň, Lora Poýtrasyň, Aleksandr Rodnýanskiniň, Sofiýa Koppolanyň täze işleri görkeziler. Şeýle-de, bäsleşikden daşary öz işlerini Luka Guadanýino (Juliýa Roberts we Endrýu Garfild bilen “Awdan soň” / После охоты), Gas Wan Sent (Bill Skarsgard bilen “Merhumyň diňlemegi” / Прослушка мертвеца), Julian Şnabel (“Danteniň elinde” / В руке Данте, Oskar Aýzek, Jeýson Momoa, Gal Gadot, Jerard Batler, Jon Malkowiç, Al Paçino we filmiň prodýuseri hökmünde çykyş eden Martin Skorseze bilen “Ylahy komediýanyň” awtory barada) hödürlär.
Şeýle-de, “Gorizontlar”, “Wenesiýanyň üns merkezinde”, “Gysga metražly filmler”, “Seriallar” we “Kino we aýdym-saz” programmalary anons edildi.
Emin agzalarynyň başlygy režissýor Aleksandr Peýn bolar. Şeýle-de, ýeňijileri saýlamaga Mohammad Rasulof, Kristian Munjiu, Stefan Brize, Maura Delpero, aktrisalar Fernanda Torres we Çžao Tao kömek eder.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....