AstraZeneca nyrh howplary sebäpli ABŞ-a 50 milliard dollar maýa goýmak kararyna geldi

  • 25.07.2025 11:36
  • 3.2k+

Britaniýanyň iri derman kärhanasy bolan AstraZeneca 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň ykdysadyýetine 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Bu serişdeler Wirjiniýada täze derman öndürýän zawod gurmaklyga we Meriländ, Massaçusets, Kaliforniýa, Indiana we Tehas ştatlarynda ylmy-barlag işlerini giňeltmeklige gönükdiriler.
Kompaniýa bu kararyň derman önümleriniň importyna nyrhlaryň girizilmeginiň mümkindigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. AstraZeneca-de düşündirmeklerine görä, gürrüň Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda öndürilen derman serişdelerine 200%-e çenli salgyt salmak meýilnamasy barada gidýär. Tramp ozal önümçiliklerini ýurda geçirmek üçin kompaniýalara 18 aýa çenli wagt berlip bilinjekdigini aýdypdy.
AstraZeneca nyrh girizilmek howplary sebäpli ABŞ-a maýa goýumlaryny goýjakdygyny yglan eden köp sanly kompaniýalaryň biridir. Ozal Roche, Novartis we Johnson & Johnson ýaly beýleki derman öndürýän kompaniýalar, şeýle hem Apple, Qualcomm, General Motors we GlobalFoundries ýaly tehnologiýa korporasiýalary hem şeýle meýilnamalary barada habar beripdiler.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......