Fransiýada Rim imperiýasy döwrüniň şäherini gaýtadan dikeltmek isleýärler

  • 24.07.2025 18:06
  • 11k+

Bezýe şäheriniň häkimi Rober Menar Rim imperiýasy döwrüniň şäheriniň, takmynan, b.e. 30-njy ýylyndaky keşbini gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen Béziers Antique taslamasyny hödürledi.

30 ýyla niýetlenen taslama diňe gadymy rim gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.

“Biz Bezýeni miladynyň 30-njy ýylynda bolşy ýaly gaýtadan gurarys” – diýip, Menar Ici Hérault neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Häkimiň bellemegine görä, gadymyýetiň aýdyň yzlarynyň ýokdugyna garamazdan, şäherde heniz hem aýry-aýry artefaktlar saklanyp galypdyr.
Işler üç tapgyrda alnyp barlar, gurluşyk meýdançalary bolsa köpçülik üçin açyk bolar. Birinji tapgyr (2025-2030) amfiteatryň, ussahanalaryň we bilim merkezleriniň gurluşygyny öz içine alýar. Ikinjisi (2031-2040) medeni we taryhy desgalary goşar. Ahyrky tapgyr (2041-2055) halkara çäreler bilen tamamlanar.
Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin 35 hünärmen işe alnar. Olara gadymy senetçilik – daşy işlemek, mozaikalary döretmek we demir işi öwrediler. Umumy býujet 13 mln ýewro bolar we şolardan 3 mln döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Taslama Fransiýanyň iň gadymy şäheri hökmünde belli bolan Bezýeniň taryhy köklerini janlandyrmaga gönükdirilendir. Ol, çen bilen, b.e.öň VII asyrda döredilipdir. Şäherde köp sanly taryhy ýadygärlikler bar: gadymy amfiteatr, Keramatly Nazariniň ybadathanasy (VIII asyrdan bäri agzalýar), Keramatly Madlen buthanasy (XI asyr) we Günorta kanal (XVII asyr).


16.04.2026 11:08
2.8k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

31.03.2026 13:58
3.5k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......

02.03.2026 12:19
4.2k+

Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...

24.02.2026 10:08
2k+

Fransiýa bir ýylda 102 million syýahatçy kabul edip, öz rekordyny täzeledi

Fransiýa 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy derejesini saklap galdy we syýahatçylaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Resmi maglumatlara görä, ýurt bir ýylda 102 million adam kabul edipdir...