Karl III-niň robot tarapyndan çekilen suraty BMG-niň Ženewadaky sammitinde görkezildi

  • 24.07.2025 17:59
  • 8.9k+

Ženewada BMG-niň ştab-kwartirasynda geçen AI For Good sammitinde Karl III-niň adam şekilli robot Ai-Da tarapyndan döredilen portreti görkezildi. Bu barada Sky News habar berýär.

Algorithm King diýlip atlandyrylan surat robotyň “gözünde” oturdylan kameralardan alnan suratlaryň esasynda ýagly reňkler bilen çekildi. Ai-Da elleriniň ornuny tutýan bionik protezi ulandy.
2019-njy ýylda döredilen Ai-Da roboty daşky görnüşi boýunça aýala meňzeýär we 1842-nji ýylda hasaplaýyş maşyny üçin ilkinji programmany düzen iňlis matematigi Ada Lawleýsiň hormatyna atlandyryldy. Ai-Da emeli aňyň ösen dil modeli bilen üpjün edildi, bu hem oňa aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýär.


Sammitde hatda robota söz berildi.

“Meniň üçin BMG-de, tehnologiýalaryň we medeniýetiň geljegini döredýän adamlaryň arasynda bu ajaýyp wakanyň bir bölegi bolmak uly hormat. Onuň Alyhezretleri patyşa Karl III-niň portretini hödürlemegim – bu diňe bir döredijilik däl, bu jemgyýetimizde EA-nyň rolunyň üýtgeýändigini we emeli aňyň medeni landşafty döredýändigini görkezmegiň usulydyr” – diýip, ol aýtdy.

Beýik Britaniýanyň ilçisi we BSG-niň hem Ženewada BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Saýmon Menli “Ai-Da-nyň diňe bir tehnologiýa täsinligi däl-de, medeni söhbetdeşlik üçin sebäpdigini” belledi. Ol britan innowasiýalaryna haýran galýandygyny aýdyp, täze tehnologiýalaryň sungat, etika we şahsyýet baradaky global dialoga ýardam etmegine umyt bildirdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......