Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

  • 24.07.2025 17:47
  • 13k+

Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) maglumatlaryna görä, halkara syýahatçylygy 2024-nji ýylda pandemiýadan öňki derejesine ýetdi, ýagny dünýäde syýahatçylaryň sany 1,47 milliard boldy. Şeýle hem bu gurama, gelýän halkara gatnawlaryň sanyna baglylykda iň köp syýahat edilýän 20 ýurduň sanawyny neşir etdi.

102 million syýahatçy bilen sanawda Fransiýa birinji ýerde durýar. Geçen ýyl ýurtda syýahatçylyk akymynyň ösmegine Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary täsirini ýetirdi. Bir ýylyň dowamynda Fransiýa gelen adamlaryň sany bütin Müsüriň ýa-da ýigrimi Omanyň ilaty bilen barabar boldy.
Sanawda Ispaniýa ikinji orunda (93,8 million) durýar. Iň meşhur ýerler Barselona, Madrid, Sewilýa, Maýorka, Ibisa we Kanar adalary boldy, şonuň bilen bir wagtda ýerli ilatyň köpçülikleýin syýahatçylyga garşy nägileligi barha artýar.
Iň köp barylýan ýurtlaryň hatarynda ABŞ (72,4 million) hem bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, adatça, Nýu-Ýork, Los-Anželes we Las-Wegas ýaly uly şäherleri bilen syýahatçylary özüne çekýär, ýöne 79,4 million adamyň baryp gören 2019-njy ýyly bilen deňeşdirilende, bu ýurduň eýeleýän orny peseldi. Trampyň administrasiýasynyň syýasaty sebäpli gelýänleriň sany mundan buýana-da azalsa gerek diýip, UN Tourism-de bellediler.
2024-nji ýylda dünýäde iň köp syýahat edilen 20 ýurt:

  1. Fransiýa (102 million syýahatçy);
  2. Ispaniýa (93,8 million);
  3. ABŞ (72,4 million);
  4. Türkiye (60,6 million);
  5. Italiýa (57,9 million);
  6. Meksika (45 million);
  7. Hytaý (40 million);
  8. Beýik Britaniýa (39 million);
  9. Germaniýa (37,5 million);
  10. Ýaponiýa (36,9 million);
  11. Gresiýa (36 million);
  12. Tailand (35,5 million);
  13. Awstriýa (32,2 million);
  14. Birleşen Arap Emirlikleri (30,5 million);
  15. Saud Arabystany (29,7 million);
  16. Portugaliýa (28,2 million);
  17. Malaýziýa (25 million);
  18. Gonkong (21,9 million);
  19. Niderlandlar (21,3 million);
  20. Hindistan (20,6 million).

Lider bilen sanawdaky soňky 20-nji ornuň arasyndaky boşluk 80 milliondan gowrak adam.
Ýaponiýa syýahatçylyk akymynyň iň uly ösüşini görkezdi - 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende plýus 47%. Tailandda (+ 26,3%) we Gonkongda (+ 27,9%) syýahatçylaryň sany ep-esli köp boldy.


düýn 16:06
2.2k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.2k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....