Marvel Galaktusyň şekilindäki uly patrak bedresi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 24.07.2025 14:52
  • 5.1k+

Marvel filmlerinden zalym Galaktusyň şekilindäki patrak bedresi häzire çenli kinoteatrlarda satylan şeýle bedreleriň arasynda iň ulusy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gabyň beýikligi 44,5 sm, ini 51 sm, göwrümi 9 litre barabar. Ol ýalpyldawuk metal bilen örtüldi we onda gahrymanyň ýanyp duran LED gözleri bar. Onuň dizaýnynyň üstünde Marvel, Golden Link we Ping Solutions işledi.
Patrak bedresi çäkli tiraž bilen çykaryldy.
Marvel bu üstünlige şeýle teswir berdi.

“Men onuň başlangyjyny jar edýärin. Men siziň soňuňyzy jar edýärin. Men Galaktusy – “Kinoteatrlarda satylýan patrak üçin iň uly konteýner” kategoriýasynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň eýesini yglan edýärin” – diýlip, kompaniýada bellenildi.

Galaktus 2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda daşary ýurt prokatyna çykjak “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” filminiň esasy antagonistidir. Filme Pedro Paskal, Wanessa Kirbi, Jozef Kuinn, Ebon Moss-Bahrah, Juliýa Garner we Ralf Aýneson gatnaşdy.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....