Sisiliýanyň kenarynda bogaldagy saklanyp galan gadymy grek gämisi tapyldy

  • 23.07.2025 07:17
  • 7.7k+

Arheologlar Sisiliýanyň günorta-gündogar kenar ýakasynda bogaldagy we urgany saklanyp galan gark bolan gadymy grek gämisini tapdylar. Gämi b.e. öňki VI–V asyrlarda gark bolupdyr diýip, LBV portaly habar berýär.

Gämi Raguza welaýatynyň Ispika şäheriniň düzümine girýän Santa-Mariýa-del-Fokallo obasynyň golaýyndan tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri Udine uniwersitetiniň ynsanperwer ylymlary fakulteti tarapyndan Deňziň medeni we daşky gurşaw mirasy müdirligi bilen bilelikde alnyp barylýar. Bu iş arheolog S.Tusanyň we professor M.Kapulliniň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda başlanan “Kaukana” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Gämi 6 metr çuňlukda bolup, uzak wagtlap çägäniň we daşlaryň aşagynda ýatypdyr. Geçen ýyl arheologlar ony arassalap başladylar. Soňky gezek suwa çümen wagtlarynda gazuw işlerini ýene iki metr çuňlaşdyrypdyrlar we galyndylary doly arassalapdyrlar.
Tapyndylaryň arasynda gara şekilli keramika, "Nau" ("gämi") sözi bilen ýazylan adaty bolmadyk küýze we gäminiň merkezi bölegini öz içine alýan gurluş elementleri bar.


Maý aýyndan iýun aýyna çenli barlagçylar topary gäminiň 3D modelini döretdi. Şeýle hem, ýerli balykçy we guwwas A. Juntanyň görkezmeginde deňiz düýbüniň ýanaşyk ýerlerini öwrendiler.
Taslama kino pudagynyň ünsüni özüne çekdi. Ikinji barlag kampaniýasyny bölekleýin Sunk Costs Productions maliýeleşdirdi. Ol Martin Skorsezäniň Sikelia Productions-y bilen bilelikde “Sisiliýada gämi heläkçiligi” (“Кораблекрушение на Сицилии”) atly dokumental filmiň üstünde işleýär. Filmiň surata düşüriş topary gazuw-agtaryş işleriniň möhüm pursatlaryny surata düşürdi.

"Bu açyş Sisiliýanyň suwasty mirasynyň gymmatyny nygtaýar " - diýip, Sisiliýanyň medeni miras boýunça geňeşçisi F.P.Skarpinato nygtady.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......