DiKaprio Netflix üçin supergahryman-ekolog barada “Kapitan Planeta” serialyna prodýuserlik eder

  • 21.07.2025 23:40
  • 3.9k+

Leonardo DiKaprio Netflix üçin “Kapitan Planeta” serialynyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar. Taslama aktýor tarapyndan esaslandyrylan Appian Way prodakşn-kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär diýip, Deadline neşiri ýazýar.

Serialy döretmek işine Greg Berlantiniň Berlanti Productions we Warner Bros. Television kompaniýalary hem gatnaşýar. Ssenarini ozal “Hanym Dewis” serialynyň üstünde işlän Tara Ernandes ýazar.
Serial 1990-njy ýyldan başlap TBS teleýaýlymynda çykan “Kapitan Planetanyň halasgärler topary” animasion taslamasyna esaslanar. Alty möwsümiň dowamynda multserial Kapitan Planeta atly supergahrymanyň kömegi bilen ekologiýa betbagtçylyklary bilen göreşýän bäş ýetginjek barada gürrüň berdi.
Ozal Appian Way “Kapitan Planetanyň” esasynda doly metražly film çykarmagy meýilleşdiripdi. Taslama 2016-njy ýylda Paramount Pictures studiýasy tarapyndan yglan edildi. Ssenariçiler hökmünde onuň üstünde Glenn Pauell we Jono Mett işledi, ýöne film barybir düşürilmedi.
Gahryman üçin hukugy ahyrynda Warner Bros. Discovery aldy. Pauell indi taslama gatnaşmaýar, ýöne KHBS-iň maglumatlaryna görä, Jono Mett serialyň prodýuserleriniň biri bolar. Ýerine ýetiriji prodýuserler hökmünde Leonardo DiKaprio, Jennifer Dewisson, Sara Şehter we Li London Redman çykyş eder.
Belläp geçsek, DiKaprionyň özi, aktýorlyk işinden başga-da, daşky gurşawyň işjeň goragçysy hökmünde tanalýar. Ol eýýäm ençeme ýyl bäri ekologiki çäreler bilen meşgullanýar, bioköpdürlüligi saklamak we klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek üçin gazna döretdi, şeýle-de ekologiýa meseleleri boýunça BMG-niň parahatçylyk boýunça ilçisidir.


şu gün 08:26
942

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....