BMW 108 ýyllygyny belleýär

  • 21.07.2025 18:30
  • 5.8k+

2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda BMW-niň döredilenine 108 ýyl bolýar – kompaniýa 1917-nji ýylda Bayerische Motoren Werke ady bilen hasaba alyndy.

Häzirki günde BMW brendi kämilligiň, ýokary derejäniň we sürmekden lezzetiň nyşany bolmagynda galýar. Konsern dünýä bazarynda beýlekiler bilen bir hatarda elektromobil satuwynyň ösmegi netijesinde durnukly ornuny saklamagyny dowam etdirýär. Mundan başga-da, ol häzirem ikilenç bazarda meşhurlygy boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde BMW Group müşderilere 621 271 awtomobil (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende +0,4%), birinji ýarymýyllykda bolsa 1 207 388 ulag iberdi. Elektrikleşdirilen modelleriň (BEV we PHEV) satuwy 18,5% ýokarlandy: müşderilere şeýle ulaglardan tas 319 müňüsi iberildi.

“Ikinji çärýekde biz möhüm sepgide ýetdik – 1,5 mln doly elektrik awtomobil iberdik. Bu üstünlik BMW Group-yň elektromobil pudagynda öňdebaryjydan elektrokar bazarynda öňdebaryjy oýunçylaryň birine öwrülendigini görkezýär. Ol häzirki günde 15-den gowrak doly elektrik modelini hödürleýär” – diýip, BMW AG-yň dolandyryş geňeşiniň agzasy Ýohen Goller aýtdy.

Satuwyň ösmegine 2024-nji ýylyň ahyrynda çykarylan BMW M5 we BMW M5 Touring uly goşant goşýar. Modeller uly islegden peýdalanmagyny dowam etdirýär diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Ýöne takyk sanlar getirilmeýär.
Golçur brendler hem gowy görkezijileri berýär. MINI markasy ýarym ýylda 17,3% we çärýekde 33,1% ösüş görkezdi. BMW M GmbH öz taryhynda iň gowy netijäni hasaba aldy: alty aýda 100 müňden gowrak awtomobil satyldy (+6,5%). Ikinji çärýekde Rolls-Royce satuwy ýyllyk hasabynda +9,4% artdyrdy, birinji ýarymýyllykda üpjünçilik 2796 awtomobil (-0,8%) boldy.
Diňe BMW Motorrad bölümçesi yza galýar – ol 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda müşderilere 105 909 motosikl we skuter satdy (-6,3%).
Hytaýda we Aziýada satuwyň azalýan döwründe (degişlilikde, -15,5% we -11,1%), kompaniýa Ýewropada (+8,2%) we ABŞ-da (+2,7%) ösüş görkezýär.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......