Mask çagalar üçin Baby Grok çat-botuny döreder

  • 21.07.2025 11:39
  • 2.7k+

Ilon Maskyň xAI startapy Grok çat-botunyň çagalar üçin niýetlenen görnüşini döretmek bilen meşgullanar. Bu barada telekeçi X sosial ulgamynda habar berdi.

Täze çat-bot Baby Grok adyny alar we çagalar kontentine gönükdiriler. Mask bu barada giňişleýin maglumat bermedi.
Ilkinji Grok çat-boty xAI kompaniýasy tarapyndan 2023-nji ýylda döredildi. Ol tekst we şekil döretmäge, ulanyjylar bilen gürrüňdeş bolmaga we internetiň hem X platformasynyň üsti bilen hakyky wagtda maglumat almaga ukyplydyr.
2025-nji ýylyň iýulynda Mask we xAI täzelenen wersiýany – Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol öňki modelden on esse güýçli bolup, has çylşyrymly wezipelerden baş çykarýar. Mask täze modeliň ylmy açyşlara ukyplydygyny nygtaýar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......