Astronomlar ilkinji gezek täze planeta ulgamynyň döremegini görüp bildiler

  • 21.07.2025 00:38
  • 7k+

Halkara astronomlar topary ilkinji gezek ýaş ýyldyzyň töwereginde planetalaryň emele gelip başlandygyny hasaba aldy. Nature žurnalynda neşir edilen açyş Gün ulgamynyň gelip çykyşyna düşünmekde möhüm ädim boldy.

Gözegçilik edilýän obýekt Orion ýyldyzlar toplumynda ýerleşen HOPS-315 ýyldyzy boldy. Onuň töwereginde alymlar protoplaneta diskini – ahyrynda planetanyň döremegine getirýän gazyň we tozanyň üýşmegini ýüze çykardy.
Syn etmek üçin “Jeýms Uebb” kosmos teleskopy ulanyldy. Onuň kömegi bilen ylmy gözlegçiler HOPS-315-i gurşap alýan maddanyň himiki düzümini öwrendi. Alymlar emele gelýän ulgamyň mundan beýläkki ösüşini yzarlamak üçin gözegçiligi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

“Meniň pikirimçe, biz bu proses barada ilkinji gezek düşünje aldyk. Ýöne biz ýaňy başlaýarys” – diýip, bu babatda Şarlottswilldäki Milli radioastronomiýa obserwatoriýasynyň astronomy Jon Tobin belledi. 


şu gün 08:10
1.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......