Netflix Assassin’s Creed oýunlary boýunça serialy önümçilige goýberýär

  • 20.07.2025 18:14
  • 3.4k+

Netflix meşhur Assassin’s Creed oýun seriýasynyň äheňinde serial düşürip başlandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Taslama bilen şourannerler we ýerine ýetiriji prodýuserler Roberto Patino bilen Dewid Winner meşgullanýar. 
Sýužet iki gizlin guramanyň arasyndaky göreşe ünsi jemlär: biri gizlin hileleriň üsti bilen adamzady dolandyrmaga synanyşýar, beýlekisi adamlaryň erkinligini goldaýar. Waka taryhda iň möhüm pursatlary gurşap alar – gahrymanlar dürli döwürler boýunça syýahat edip, adamzat ykbaly üçin göreşer.
Taslamany döredijiler serialyň diňe bir giň gerimli bolman, eýsem many taýdan çuň boljakdygyny belledi: onda ynam, hökmürowanlyk, nesiller bilen medeniýetiň arasyndaky baglanyşyk ýaly möhüm mowzuklar gozgalar.
Assassin’s Creed franşizasy 2007-nji ýylda çykyp başlady we häzire çenli bütin dünýäde 230 milliondan gowrak nusga bilen satyldy. Seriýanyň soňky oýny – Assassin’s Creed: Shadows 2025-nji ýylda çykdy. Oýun sýužetiniň esasynda assasinler bilen tampliýerleriň ordenleriniň arasyndaky dawa durýar. Gahrymanlar öz ata-babalarynyň ýatlamalaryna göz aýlamak we Edem bölekleri hökmünde belli bolan gadymy artefaktlary gözlemek üçin tehnologiýalary ulanýar. 


şu gün 08:26
398

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
929

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....