Xiaomi YU7 elektromobiliniň hakyky ýol ätiýaçlygy aýdylyşyndan üçden bir esse az bolup çykdy

  • 20.07.2025 17:41
  • 3.8k+

Max wersiýasyndaky Xiaomi YU7 2026 elektrik krossoweri bir zarýadda 492 kilometr ýol geçdi, ýagny bu resmi taýdan yglan edilen görkezijiden 258 km az boldy. Şeýle maglumaty, modeliň garaşsyz synaglarynyň netijelerine esaslanyp, Hytaýyň Sohu neşiri habar berdi.

Öndürijiniň resminamalaryna görä, YU7-niň bir zarýadda geçmeli ýoly Hytaýyň CLTC aýlawy boýunça 750 kilometre ýetmeli. Emma synag wagtynda 21 dýuýmlyk teker oturdylan elektrik awtoulagy gural paneliniň görkezijisi nola ýetýänçä bary-ýogy 483 kilometr, batareýa doly zarýad berilmänkä, öň bar bolan zarýadda ýene dokuz kilometr geçip bildi.
Synaglar howanyň temperaturasy Selsiýa boýunça, takmynan, 30 gradus wagty geçirildi. Salonda iki adam bardy, Comfort tertibi ulanyldy, kondisioner 23-24 derejä düzülendi, tekerlerdäki basyş 2,9 bardy. Krossower ortaça 100 km/sag tizlik bilen 84 kilometr uzynlykdaky halka ýoluň ugry boýunça hereket etdi.


Hakyky netije görkezilen netijäniň takmynan 65,5%-i boldy. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň CLTC aýlawy Ýewropanyň WLTC-den 15-25% has optimistik hasaplanýar, bölekleýin çapraz gelýäni şonuň üçindir. Şeýle-de bolsa, geçýän ýolundaky tapawut uly bolup galýar.
Bort kompýuterindäki maglumata görä, ortaça energiýa sarp edilişi 100 kilometre 20,2 kWt· s boldy. 0% -dan 100% -e çenli doly zarýad bermek 37 minut, 5% -den 70% -e çenli zarýad bermek 14 minut dowam etdi.



düýn 18:36
2.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......