Meta we maýadarlar Facebook-da maglumatlaryň syzylmagy baradaky iş boýunça 8 mlrd dollarlyk jedeli çözdüler

  • 20.07.2025 17:35
  • 3.6k+

Mark Sukerberg we Metanyň häzirki hem-de öňki ýolbaşçylary Facebook-yň ulanyjylarynyň maglumatlarynyň gizlin saklanmak düzgüniniň bozulmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýan sebäpli 8 milliard dollarlyk kazyýet işini açdyran maýadarlar topary bilen ylalaşyk gazandylar. Bu barada 17-nji iýulda Reuters habar berdi.

Paýdarlaryň aklawçysy Sem Klosik baglaşylan ylalaşyk barada Delawer ştatynyň Wilmington şäherindäki kazysy Ketlin Makkormiki habarly etdi. Taraplar jikme-jiklikleri aýan etmediler. Klosik ylalaşygyň çalt gazanylandygyny aýtdy.
Mark Sukerberg, öňki ýerine ýetiriji direktor Şeril Sandberg we başga-da dokuz işgär bilen baglanyşykly kazyýet işi Metanyň soňky ýyllarda milliardlarça jerime we kazyýet töleglerini tölemegi sebäpli gozgaldy. Arzaçylar Sukerberg bilen Sandbergiň Facebook-y bilkastlaýyn ulanyjylaryň maglumatlaryny bikanun ýygnamak üçin dolandyrýandyklaryny tassykladylar we zyýanyň öwezini günäkärlenýänleriň şahsy serişdeleriniň hasabyna dolunmagyny talap etdiler. Günäkärlenýänler bu aýyplamalary ret etdiler.
Kazyýet işiniň iýul aýynyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Şaýatlaryň arasynda Mark Sukerberg, Şeril Sandberg we direktorlar geňeşiniň öňki agzalary - Palantir Technologies-iň şärikdeş esaslandyryjysy Piter Tiýel we Netflix-iň esaslandyryjysy Reed Hastings bar.
Meta bu barada düşündiriş bermekden saklandy. Günäkärlenýänleriň aklawçysy Reuters-iň düşündiriş sorap ýüz tutmasyna jogap bermedi.
2019-njy ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşiniň Facebook-a 5 milliard dollar jerime salandygyny ýatladýarys. Muňa ulanyjy maglumatlarynyň syzmagy sebäp boldy. Bir ýyl öň, 2018-nji ýylyň mart aýynda Britaniýanyň we Amerikanyň habar beriş serişdeleri Cambridge Analytica-da geçirilen derňewleri neşir edip, kompaniýanyň syýasy mahabatda ulanmak üçin Facebook-yň millionlarça ulanyjysynyň maglumatlaryna girip bilendigini mälim edipdi. Biraz soň Sukerberg maglumatlaryň syzdyrylandygyny boýun aldy we ulanyjy maglumatlarynyň gizlinligi bilen baglanyşykly birnäçe uly üýtgeşmeleri yglan etdi.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......