“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi

  • 20.07.2025 13:57
  • 4.1k+

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi.

“Kalmar oýnunyň” üçünji möwsümi çärýegiň gutarmagyna birnäçe gün galanda çykdy we 122 mln tomaşa ýygnady. Bu döwürde Netflix agzalaryň sanynyň ep-esli artandygyny belledi.
Kompaniýanyň arassa girdejisi tas bir ýarym esse ýokarlanyp, 3,1 mlrd dollar boldy. Bu 3,06 mlrd dollara garaşan London Stock Exchange Group-yň analitikleriniň çaklamasyndan birneme köpdür.
Munuň netijesinde Netflix ýyllyk çaklamasyna gaýtadan seretdi: indi kompaniýa ozal çak edilen 43,5-44,5 mlrd dollaryň deregine 44,8-45,2 mlrd dollar derejesinde girdejiniň bolmagyna garaşýar.
Oňyn görkezijilere garamazdan, akym hyzmatynyň paýnamalary söwdada 1,5% peseldi. Maýadarlar çaklamanyň has ýokary bolmagyna bil baglapdy.


şu gün 08:26
464

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
929

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....