Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar

  • 19.07.2025 14:20
  • 6.6k+

BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär.

Momenta tarapyndan işlenip düzülýän ulgam şäher köçelerinde we awtoulag ýollarynda ýol hadysalarynyň köpüsinde sürüjä kömek edip bilýän akylly kömekçilerden ybarat bolar. Lokallaşdyrylan tehnologiýa Hytaý bazaryndaky täze BMW modelleriniň esasy artykmaçlyklaryndan biri bolar diýlip garaşylýar.
BMW hyzmatdaşlyk etmäge taýýar azyndan alty dalaşgäriň arasyndan çözgütleriniň ýokary derejelidigi sebäpli Momentany saýlady. Bu konserniň Hytaýdaky başga bir tehnologiýa hyzmatdaşy multimediýa ulgamlaryna jogapkär Huawei kompaniýasy bolar.
Çeşmelere berýän maglumatyna görä, BMW Hytaýda i3 sedanynyň we iX3 krossoweriniň ýewropa niýetlenen görnüşlerini satmagy, şeýle hem Hytaý bazary üçin ýörite işlenip düzülen ulagyň uzaldylan görnüşini satmagy meýilleşdirýär.
Momenta ozal Mersedes-Benz, Toyota we Nissan ýaly iri awtoulag öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edipdi, Huawei bolsa Audi üçin sanly hyzmatlary işläp düzýär.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......