Hytaýda dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy 40 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder

  • 19.07.2025 14:22
  • 4.9k+

China Huaneng Group we Dongfang Electric Corporation döwlet kompaniýalary dünýäde iň güýçli diýlip hasaplanylýan 17 megawattlyk göni birikdirilen deňiz ýel turbinasyny işe girizdi diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Turbinanyň rotorynyň diametri dünýä boýunça rekord 262 metrdir. Merkezi stupisasynyň beýikligi 50 gatly bina bilen deňeşdirip boljak 152 metre ýetýär. Aýlanma wagtynda çarhlar bilen örtülen meýdany takmynan 53 müň inedördül metr - takmynan 7,5 adaty futbol meýdançasyna barabar.
China Huaneng Group-yň berýän maglumatyna görä, şeýle elektroblogyň biri ýylda 68 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürip biler. Bu takmynan 40 müň hojalygy tok bilen üpjün etmäge ýeterlikdir.
Işlenip düzülen turbina kyn deňiz şertlerinde işlemek üçin niýetlenendir. Ol 24 metr beýiklikdäki tolkunlara garşy durmaga ukyply.
Taslama Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky, hususan-da, deňiz ýel energiýasyndaky tehnologik ösüşini görkezýär.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....