Tramp steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada kanuna gol çekdi

  • 19.07.2025 13:12
  • 8.9k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 18-nji iýulda steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada ilkinji federal kanuna gol çekdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

“Steýblkoin pudagynda milli innowasiýalary dolandyrmak we kesgitlemek barada kanun” (GENIUS Act) atly resminama steýblkoin amallary üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirildi.

“Genius Act kanuny dollar bilen goldanýan steýblkoinleriň uly mümkinçiliklerini kesgitlemek we durmuşa geçirmek üçin aýdyň we ýönekeý kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döredýär. Bu, ähtimal, internet döräli bäri maliýe tehnologiýalarynda iň uly öwrülişik bolsa gerek” – diýip, Tramp Ak tamdaky gol çekmek dabarasynda aýtdy.

Çärä uly kriptowalýuta kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Braýan Armstrong (Coinbase) we Wlad Tenew (Robinhood Markets) gatnaşdy.

“Kanuna gol çekilmegi siziň yhlasly zähmetiňiziň, öňdebaryjy ruhuňyzyň we hiç haçan boýun gaçyrmazlyk ukybyňyzyň tassyklanmasydyr” – diýip, Tramp pudaga gatnaşyjylara ýüzlendi.

Steýblkoin (iňlisçe stable – durnukly, coin – teňňe) – bu bahasyny adaty walýutalara (häzirki ýagdaýda ABŞ-nyň dollaryna) ýa-da birža harytlarynyň bahalaryna mejbury baglamak arkaly alyş-çalyş hümmeti durnuklaşdyrylýan kriptowalýutalaryň umumy adydyr.
Bir gün öň, 17-nji ýulda ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasy kriptowalýuta bazaryny düzgünleşdirmäge degişli üç kanuny tassyklady. GENIUS Act-dan başga-da, sanly aktiwler bazarynyň aç-açanlygy we merkezi bankyň sanly walýutasyna döwlet gözegçiligi barada kanun kabul edildi.Bu wakalaryň esasynda dünýäniň kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetdi. 


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......