Gün panellerinden emele gelen iň uly mural Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 15.07.2025 13:17
  • 4.9k+

Kanadanyň Alberta welaýatynda ýerleşýän SunRise ýaşaýyş toplumy Gün panellerinden emele gelen ägirt uly mural mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adaty bolmadyk freska binanyň öň tarapynda 3205 inedördül metri tutýar diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Installýasiýa sungaty bina birleşdirilen fotogalwaniki (BIPV) ulgamlar bilen utgaşýar. Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň umumy zolaklaryny 267 kWt energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Freska suratkeş Lans Kardinal tarapyndan döredilip, ol ýerli halkyň we Hytaý diasporasynyň medeniýetine bagyşlanýar.
SunRise taslamasy Mitrex, Avenue Living Asset Management, MBC Group we Chandos Construction bilen bilelikde amala aşyryldy.

“BIPV tehnologiýasynyň we sungatyň birleşmegi könelip barýan binany durnuklylygyň, medeni buýsanjyň we şäher täzelenişiniň nyşanyna öwürýär” diýip, Mitrex-de belleýärler.

Ulgam uglerod zyňyndylaryny ýylda 150 tonna azaltdy we sebitiň arassa energiýa maksatlaryna laýyk gelýär. Bu başlangyç diňe bir energiýa tygşytlylygy üçin däl, eýsem şäher fasadlaryny medeni integrasiýa üçin ulanmagyň ösýän tendensiýasyny görkezýär.
SunRise taslamasy tehnologiýany we çeper suratlandyrmany birleşdirip, BIPV-iň şäheri döwrebaplaşdyrmagyň guraly hökmündäki potensialyny görkezýär. Ol durnukly ösüş bilen gyzyklanýan beýleki şäherler we ýurtlar üçin nusgalyk bolup biler.


08.06.2026 18:02
4.7k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.5k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
4.9k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......