Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

  • 15.07.2025 11:42
  • 9.8k+

14-nji iýulda Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary 30-njy iýul — 25-nji awgust aralygynda geçiriler.

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutany 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Belläp geçsek, şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň ulanmaga berilýär.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtlardan mugallymlary we hünärmenleri çagyrmak göz öňünde tutulýar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......