Gysga wagtlyk fantastiki lider: Tramp NASA wagtlaýyn ýolbaşçy belledi

  • 11.07.2025 14:47
  • 8.7k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň ulag ministri Şon Daffini Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirligiň (NASA) wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ak tamyň ýolbaşçysy bu barada özüniň Truth Social sosial torunda habar berdi.

«Şon ýurdumyzyň ulag meseleleri bilen meşgullanyp, uly işleri ýerine ýetirýär. Muňa döwrebap howa hereketlerini dolandyrmak ulgamlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýollarymyzy we köprülerimizi abatlap, olary täzeden netijeli we owadan ýagdaýa getirmegi hem girýär. Ol gysga wagtlygyna hem bolsa, möhüm kosmos agentligine fantastiki lider bolar» — diýip, Tramp ýazdy.

Şon Daffi NASA-nyň ýolbaşçylygyny ulag ministri wezipesi bilen utgaşykly ýerine ýetirer.

«Bu missiýany kabul etmek meniň üçin uly mertebe. Indi, kosmosy basyp almagyň wagty» — diýip, ministr X sosial torundaky sahypasyndan jogap berdi.

Şeýle hem belläp geçsek, geçen ýylyň dekabrynda Tramp NASA-nyň ýolbaşçylygyna milliarder astronawt Jared Aýzekmany hödürläpdi. Şol wagtlar ony «kosmosa bolan höwesini, astronawtlyk tejribesini we ylmy-gözlegleriň çäklerini giňeltmäge bolan ymtylmasyny» göz öňünde tutup, iň laýyk dalaşgär diýip atlandyrypdy. «Reuters» agentligi Aýzekmanyň dalaşgärligini SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy milliarder Ilon Maskyň goldandygyny ýazypdy. Ýeri gelende aýtsak, Aýzekman Maskyň ýakyn ýaranlarynyň biri hökmünde tanalýar.
Emma iýun aýynda Tramp Aýzekmanyň kandidaturasyny ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanmagyna birnäçe gün galanda, garaşylmadyk ýagdaýda yzyna aldy. KHBS munuň sebäbini onuň demokratlaryň tanymal wekilleri bilen arabaglanyşygynyň bardygy we olaryň işlerine maliýe goldawyny bermegi bilen düşündiripdi. Aýzekman bolsa kandidaturasynyň yzyna alynmagynyň sebäbini, esasanam, Tramp bilen Maskyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyndan soň, geňeşçileriň basyşynyň güýçlenmegi bilen düşündirdi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......