Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi

  • 10.07.2025 12:05
  • 1.6k+

Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar.

«Patch My PC» çeşmesiniň habar bermegine görä, Windows 11-iň toparlaýyn syýasatlarynda «Ulgamdaky deslapky Microsoft Store toplumlaryny öçür» atly täze opsiýa peýda boldy. Bu opsiýanyň kömegi bilen, PowerShell-i ýa-da daşary skriptleri ulanmazdan, «Notes» (Заметки), «Solitaire» (Пасьянс), Xbox, Clipchamp ýaly öňünde ornaşdyrylan programmalary saýlap öçürip bolýar.
Bu sazlamany toparlaýyn syýasat redaktorlarynda aşakdaky ýol boýunça tapyp bolýar: «Kompýuteriň konfigurasiýasy» (Конфигурация компьютера) → «Administratiw şablonlar» (Административные шаблоны) → «Windows-yň komponentleri» (Компоненты Windows) → «Goşundylaryň toplumlarynyň ýaýbaňlandyrylyşy» (Развертывание пакета приложений). Ulanyjy şol ýerde haýsy goşundylaryň öçürilmelidigini, haýsylarynyň saklanmalydygyny kesgitläp bilýär.
Öňler ornaşdyrylan programmalary öçürmek üçin belli bir başarnyk gerekdi we köplenç bu amal dogry ýerine ýetirilmeýärdi, bu bolsa ulgamyň işine päsgelçilik döredýärdi. «Patch My PC-niň» wekilleri öň hem Microsoft kompaniýasyna bu prosesi ýeňilleşdirmek üçin ýüz tutupdy, netijede, kompaniýa bu mümkinçilikleri täze operasion ulgamynda durmuşa geçirdi.
Şeýle-de bolsa, bu funksiýanyň diňe Windows Pro wersiýasy üçin niýetlenendigini we Windows Home-da elýeterli däldigini bellemek gerek.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...