Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

  • 09.07.2025 11:47
  • 2.1k+

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy.

Ýokary ulgam talaplary sebäpli Windows-yň 11-nji wersiýasynyň ýaýraýşy haýal gidýärdi. Windows 10-yň mugt täzelenmesi prosessorlarynyň könelendigi we howpsuzlyk çäklendirmeleri sebäpli köp ulanyjy üçin elýeterli däldi. Microsoft gabat gelmeýän enjamlaryň eýelerini täze OS-a geçmek üçin enjamlaryny täzelemeklige yzygiderli çagyrýar.
400 million enjama gurnalmak üçin Windows 11-e iki ýyl gerek boldy, Windows 10 bolsa bu görkezijä bir ýylda ýetdi.
OS-yň 10-njy wersiýasy üçin goldaw 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanar. Şondan soň ulanyjylar ýylda 30 $ abuna ýazylmak arkaly tölegli howpsuzlyk täzelenmelerini alyp bilerler. Bu programma käbir ýurtlarda elýeterli bolmasa-da, 2028-nji ýyla çenli dowam eder. Şeýle hem, Microsoft “Resminamalar” bukjasyny OneDrive bilen sinhronlaýan we ätiýaçdan nusgalamak funksiýasyny ulanýan ulanyjylar üçin mugt bir ýyllyk goşmaça täzelenmeler hödürledi.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...