Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

  • 07.07.2025 13:30
  • 8.9k+

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi.

Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär.
Spraýtlar ýyldyrymlaryň has seýrek görnüşleriniň biridir. Olar atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ýüze çykyp, tupan wagtynda güýçli elektrik işjeňligi bilen bagly bolýar. Adaty ýyldyrymlardan tapawutlylykda, spraýtlar sekuntda 140 km çenli tizlik bilen ýokary ýaýraýar. Olaryň beýikligi 50 km ýetip bilýär.
Spraýtlaryň mahsus mawy reňki elektrik razrýady wagtynda azotyň ýagty saçmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu sebäpli şeýle ýyldyrymlar “gök akym” hem diýlip atlandyrylýar.
Spraýtlaryň barlygy ilkinji gezek 1925-nji ýylda şotlandiýaly fizik Çarlz Uilson tarapyndan nazaryýet taýdan esaslandyryldy. Bu hadysa ilkinji gezek 1989-njy ýylda ýokary derejede duýgur wideo kameralarynyň kömegi bilen Minnesot uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri tarapyndan tötänleýin hasaba alyndy. Spraýtlara 2016-njy ýylda Karib deňzindäki “Metýu” tupany wagty köpçülikleýin syn edildi.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...